Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda modaly lybaslaryň sergisi açyldy.
Şeýle çäre ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär. Türkmen-eýran modaly lybaslar sergisine Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-niň wekilleri, suratkeşler, dizaýnerler, çeperçilik akademiýasynyň talyplary we mugallymlary, şeýle hem paýtagtymyzyň moda senagatynyň täze ugurlary bilen gyzyklanýan ýaşaýjylary geldiler.
Eýranly myhmanlar aşgabatlylary zenan lybaslaryny, ýüpek ýaglyklaryny, deri ýantorbalaryny, aýakgaplaryny we bižuteriýasyny öndürmäge ýöriteleşen «Feramsa Design», «Noran», «Shoonz» we beýleki iň gowy önümler bilen tanyşdyrdylar.
Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýüniň dizaýnerleri sergide naýbaşy modaly lybaslary görkezdiler. Hanmahmaldan, ýüpekden, keteniden, nepis keşdeli we aýna monjuklar bilen bezelen ajap lybaslar sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
«TürkmenGazet».