Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýrana iş saparyny amala aşyrýar

28-08-2024 / 187

Şu gün – 28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy.

«Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlap, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy. Dostlukly döwletiň Baştutany bolsa Milli Liderimize «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilen neşirini sowgat berdi.

Geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Tähran duşuşygy möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň 4-sine gol çekmek bilen jemlendi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy bar. Bu resminamalar aýry-aýry ugurlarda bilelikdäki işleri ilerletmegiň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu