PsihologiýaSlider

Älemiň syry bu sanlarda gizlenenmi?!

26-08-2024 / 474

Nikola Tesla: «3, 6 we 9 ýaly sanlaryň täsinligini we ähmiýetini bilýän bolsaňyz, älem gapylaryny açmak üçin açaryňyz eliňizde bolardy» diýip, belläp geçýär. Onuň sözlerine görä, bu üç san meýilnamanyň esasy nokady hasaplanýar.

3 6 9 usuly meşhur oýlap tapyjy Nikola Teslanyň pikirlerine esaslanýar. Ol 3, 6 we 9 sanlaryň gaty güýçli sanlardygyna ynanýar. Hat-da, älemiň syrynyň hem bu 3 sanda gizlenendigini pikir edipdir. Aslynda, Teslanyň bu meşhur sözleri aýtmagy üçin elinde hiç hili anyk esas ýok. Emma belli zat, bu sanlar onuň durmuşynda aýratyn orny eýeledi.

Nikola Tesla aşa yrym adamy hasaplanýar. Aslynda, durmuşyň köp ugurlarynda hemmämiz bu yrymlara gaýta-gaýta duş gelýäris. Teslanyň pikirine görä, 3, 6 we 9 sanlary adamzat taryhynda-da uly mana eýe. Mysal üçin, üçburç geometrik şekili bilen dünýä belli gadymy Müsür piramidalaryny synlap görüň.

3 6 9 ynanjy has giňden ýaýran özüne çekiş kanun bilen gabat gelýär. Çekiş kanuny, diňe üns berýän zadymyzyň durmuşymyza çagyrýan zadymyzdygyny nygtaýar. 3 6 9 usuly özüne çekiji we numerologiýa kanunyny birleşdirýär: 3 (energiýa), 6 (ýygylyk), 9 (yrgyldy) = Älem.

Aslynda ruhy energiýa magnitiň bir görnüşi hökmünde hereket edýär. Iň çuňňur isleýän zatlaryňyza şeýle çemeleşseňiz, soňunda hökman üstünlik gazanarsyňyz.

Ilkibaşda manysy ýok bu pikiriň köp tarapdarlary bolupdyr. Mysal üçin, Platon, Nýuton we Eýnşteýn hem bu ýörelge bilen çuňňur gyzyklanypdyr. Beýleki bir tarapdan, özüne çekiji kanuny görkezmek üçin tassyklama gerekdi. Bu içki görnüş, durmuşda saýlan maksatlarymyzy gaýtalap ýatlamaga esaslanýar.

Elbetde, bir gün irden turanyňyzda meşhur we baý bolmak ýaly zat ýok. Entek etmeli hereketler bar, ýöne arzuwyňyza näçe ýapyşsaňyz, şonça-da hasyl bolmagy mümkin.

3 – bu dünýä bilen özümiziň döredijilik tarapymyzy açyp görkezýär.

6 – içki deňagramlylygymyzy we içki güýjümizi görkezýär.

9 – üýtgeşmelerimizi we üýtgemelerimizi görkezýär.

3 6 9 ynanjy!

Ilki bilen başlamazdan ozal isleýän zadymyzy anyklamaly. Bu meseläni düşündireniňizden soň, munuň üçin tassyklama sözlemi döredip bilersiňiz. Mysal üçin, eger pul isleýän zadyňyz bolsa, onda «Men köp pul gazanýaryn» diýip bilersiňiz. Irden turanyňyzdan soň tassyklama sözlemiňizi üç gezek, günortan alty, agşam ýatmazdan ozal bolsa dokuz gezek gaýtalaň.

Bu däp adatça 45 gün dowam edýär. Tutuş prosesiň dowamynda ünsli we yzygiderli bolmaklyk talap edilýär..

Tassyklamaňyzy saýlanyňyzda çylşyrymly pikirlere däl-de, ýönekeý zatlara üns bermegiňiz maslahat berilýär. Şeýdip, gowy netijeleri gazanyp bilersiňiz.

3 6 9 ynanjy üçin ikinji düzgün!

Her ynanç takmynan 17 sekunt dowam etmeli. 17 sekundyň içinde aň-düşünjäňiz älem bilen aragatnaşyk saklaýar diýip hasaplanýar.

Eýsem,  3 6 9 ynanjynyň zyýany barmy?

Ynanjyň netijeleri ilki bilen oňyn bolsa-da, soňundan erbetleşjekdigine ynanýanlar hem bar. Şeýle-de bolsa, beýle ynanç hakykata laýyk däl. Şeýle netijä ynanmak we ünsi jemlemek diňe ynanjyňyza zyýan ýetirer.

Ýadyňyzdan çykarmaň, 3 6 9 usuly diňe niýetiňiz ýaly güýçlidir. Niýetleriňiz oňyn we hoşniýetli bolsa, alada etmeli zadyňyz ýokdur.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu