HabarlarSlider

Kriştianu Ronaldu gysga wagtda «YouTube»-niň birnäçe rekordyny täzeledi

23-08-2024 / 375

Saud Arabystanynyň «An-Nassr» klubunyň oýunçysy Kriştianu Ronaldu «YouTube»-da rekordlaryň birnäçesini täzelemek üçin birnäçe sagat sarp etdi.

Portugaliýaly futbolçy diňe bir futbol meýdanynda däl, eýsem, internet äleminde hem rekordlaryny dowam edýär.

  • Iki sagadyň içinde Ronaldunyň kanaly 2006-njy ýylda döredilen Lionel Messiniň kanalyndan köp abunaçy toplady;
  • Portugaliýaly futbolçy 22 minutda 100 müň abunaça eýe boldy (ozalky rekord Sidemen toparyna degişli. Olar bu netijäni 55 minutda gazanypdylar);
  • Kanal 90 minutda 1 million abunaça ýetdi;
  • Kanal 12 sagadyň içinde 10 million abunaça eýe boldy (ozalky rekord — 132 gün);
  • Kriştianu Ronaldu 20 million abunaça iň tez ýeten adam boldy. Munuň üçin oňa bir günden köpräk wagt gerek boldy (ozalky rekord — iki ýyl).

Häzirki wagtda Ronaldunyň «YouTube»-däki abunaçylarynyň sany 32 milliondan geçdi. Ol bu görkeziji bilen hatda FIFA-nyň resmi kanalyndan hem öňe geçdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu