SliderTrend we gözellik

«Jadyly perişdeler» we «Goç ýigit» (çagalar modasy)

«Kids Ekspo» sergisiniň meýdançasynda çagalar modasy

22-08-2024 / 702

Çagalaryň egin-eşikleriniň açyk reňkleri, özboluşly ýazgylary hem-de döwrebap bezegleri bilen täsir galdyrýar. 

«Goç ýigit» nyşanly milli öwüşginlere baý, oglanlar üçin niýetlenen moda egin-eşikleriniň toplumy tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Ýaş ýigitleriň egin-eşiklerinde milli nagyşlar ulanylyp, tikinler bilen bezelipdir.

«Jadyly perişdeler» atly toplumda körpeje gyzjagazlara niýetlenen ajaýyp köýnekler hem-de ýeňsiz eşikler bar. 

Körpejeler üçin reňk öwüşginleri boýunça sazlaşýan jübütleýin lybaslar köp çagaly ene-atalarda uly seslenme döretdi.

Ýumşak we ýeňil matalardan taýýarlanylan dürli öwüşginli köýnekler her bir körpeje gyzjagazyň arzuwydyr.

Görkezilen toplumlardaky birnäçe egin-eşikleri «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň meýdançasynda satyn alyp bolýar. 

Meýdançada dynç alyş we sport üçin niýetlenilen çagalar egin-eşikleri görkezildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu