Ýaponiýanyň Asiýa şäherinde ýaşaýan 116 ýaşly Tomiko Itoka dünýäniň iň garry adamyna öwrüldi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berildi.
Ýakynda ispaniýaly 117 ýaşly Mariýa Branýasyň aradan çykanlygy habar berlipdi. Mariýa dünýäniň iň garry adamydy.
Tomiko Itoka häzirki wagtda Asiýa şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýar. Üç aý ozal ol özüniň 116 ýaşyny garşylady hem-de şäher merinden güller, tort, gutlagnama kabul etdi. Garrylar öýüniň işgärleri eşidiş ukybynyň gaty pesdigine garamazdan, onuň takyk gepleşip bilýändigini aýdýarlar.
Ol 20 ýaşynda durmuşa çykýar we dört perzendi (iki ogul, iki gyz) dünýä getirýär. Häzir onuň ençeme agtyk-çowluklary bar.
«TürkmenGazet».