Habarlar

«Kids Ekspo» dowam edýär: maşgala bolup wagt geçirmek üçin ajaýyp ýer

Ähli zat çagalar üçin

21-08-2024 / 598

Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda guralan göçme sergi meýdançasy körpeje jigilerimiziň we mekdep okuwçylarynyň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi.

Guramaçylar körpeje myhmanlar we olaryň ene-atalary üçin wagtlaryny peýdaly hem gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýän dürli maksatnamalary taýýarladylar.  Çagalar üçin harytlaryň giň görnüşi: sergide täze doglan çagalar üçin harytlar, oýunjaklar, egin-eşikler, okuw esbaplary, döredijilik esbaplary we beýlekiler hödürlenýär.

Dowam edýän forumda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar, täzeçil tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Halkara gözden geçirilişiň çäklerinde el işine ussatlaryň taýýarlan önümleriniň ýarmarkasy, ýurdumyzyň belli modeller öýleriniň täze taýýarlan, owadan çaga lybaslarynyň görkeziliş dabarasy, çagalar döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça gurnaklar hem-de ussatlyk sapaklary, ýaşajyk zehinleriň şüweleňi, sport çykyşlary ýaly gyzykly çäreler çagalarda toý şatlygyny döredýär.

Myhmanlar iň gowy pawilýona saýlamak üçin ýörite 0590 gysga belgä degişli kody ýazyp, SMS ugratmak arkaly ses bermäge mümkinçilik aldylar. Ýeňiji diýlip saýlanan pawilýon gymmat bahaly baýrak alar, ýagny «Kids Ekspo 2025» sergisine mugt gatnaşmak mümkinçiligi dörediler we höweslendiji baýraklar gowşurylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu