
«Listelist.com» dünýä ýurtlarynyň birnäçesiniň baýdaklarynyň reňkleri we görnüşi boýunça biri-birine gaty meňzeşdigini belläp geçýär.
Bu meňzeşlikler sebitara, medeni gatnaşyklaryň ýa-da ýurduň biri-birine ýakynlygy sebäpli bolup biler. Mysal üçin, Günbatar Afrika ýurtlarynyň aglabasynyň Afrikanyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşiniň nyşany hökmünde baýdaklaryny synlanyňda gyzyl, sary we ýaşyl reňklere has köp duş gelmek bolýar.
Şeýle-de slawýan halklarynyň reňkleri diýlip atlandyrylýan ak, gök we gyzyl reňkler slawýan ýurtlarynyň baýdaklarynda ulanylypdyr. Bu baýdaklaryň arasynda kiçijik tapawutlar käwagt zolak ugry ýa-da kiçi nyşan ýaly jikme-jiklerde gizlenýär. Ýeri onda, meňzeşlikleri sebäpli yzygiderli garyşdyrylýan ýurtlaryň baýdaklaryna göz aýlalyň:
Çad – Rumyniýa

Senegal – Mali 
Täze Zelandiýa – Awstraliýa 
Irlandiýa – Kot-d’Iwuar 
Norwegiýa – Islandiýa 
Lýuksemburg – Gollandiýa 
Sloweniýa – Slowakiýa 
Türkiýe – Tunis 
«TürkmenGazet».



