Habarlar

Aşgabatda ilkinji gezek çagalaryň halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

19-08-2024 / 753

Şu gün – 19-njy awgustda Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Ol «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda ýerleşýän Göçme sergi merkezinde ýaýbaňlandyryldy.

Giň gerimli çäräniň çäklerinde Russiýa, ABŞ, Kanada, Germaniýa, Portugaliýa, Italiýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Hytaý, Bahreýn, Beýik Britaniýa, Gyrgyzystan, Gazagystan we beýleki ýurtlaryň çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Ekspo» kompaniýasynyň bilelikde guraýan bu sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri körpeler, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, döwrebap önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürlediler. Şeýle hem bu forumyň meýilnamasynda çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy göz öňünde tutuldy.

Serginiň ilkinji gününde myhmanlar çaga lybaslarynyň moda görkezişlerinden lezzet aldylar, şeýle hem günüň dowamynda ýetginjekler we olaryň ene-atalary üçin hünär ugrukdyrmasy boýunça okuw sapagyna gatnaşyp bilerler, şeýle hem ýaş thekwondoçylaryň täsin çykyşyna tomaşa ederler.

«KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyna çenli dowam eder hem-de çagalyk dünýäsine aralaşmak, çaganyň bagtly we sagdyn ösmegi üçin ähli zerur zatlary tapmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu