SliderTehnologiýa

«Apple»: nobatdaky uly taslama iş stoly-robot bolar

Durmuş we tehnologiýa

16-08-2024 / 775

Robotyň «Siri» we «Apple Intelligence» funksiýalarynyň kömegi bilen dolandyrylmagyna garaşylýar. Meselem, «maňa seret» — bu buýruk wideojaň wagtynda ekrany ulanyjy tarapa awtomatik öwürmäge mümkinçilik berer.

Gurluş «akylly» öýüň dolandyrylyşy, wideoaragatnaşyk we howpsuzlyk monitoringi ýaly dürli wezipeleri amala aşyrmaga niýetlenendir.

Taslama «Apple»-iň tehnologiýa boýunça wise-prezidentii Kewin Linç ýolbaşçylyk edýär we onuň 2026 ýa-da 2027-nji ýylda işe başlamagy meýilleşdirilýär.

Taslamanyň bahasy, takmynan, bir müň amerikan dollaryna barabar bolar diýlip çaklanylýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu