Şri-Lankada prezident saýlawlaryna 39 sany dalaşgär hasaba alyndy. «Bu syýasy çäre 21-nji sentýabrda geçiriler» diýip, adanyň saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçysy Rmal Ratnaýake habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, ozal prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hak tölän 40 dalaşgäriň birisi resmi hasaba alynmandyr. Şoňa görä-de, ilat býulletende görkezilen 39 dalaşgäriň birini saýlamaly. Dalaşgärleriň 23-si syýasy partiýa wekili, 17-si bolsa garaşsyz dalaşgärdir.
Habarda aýdylyşy ýaly, sanawda şu wagtky lider Ranil Wikramasinghe hem bar.
Şri-Lankada prezident bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar we ikinji möhletde hem saýlanylyp bilner.
«TürkmenGazet».