Kitap, hakykatdanam, çaga üçin iň gowy sowgat, ýöne çagalaryň hemmesi okamagy halamaýarlar. Şu günki makalamyzda birnäçe täsirli usullary ulanyp, çagany kitap okamaga höweslendirmegiň syrlaryny paýlaşarys.
Kitaby sesli okaň!
Çagaňyza kitaby näçe ir okap berseňiz, şonça gowy. Täze doglan çaga siziň aýdýanlaryňyza düşünmese-de, sesiň ritmini we aňlatmanyň manysyny öwrenip biler. Geljekde onuň söz baýlygy ata-eneleri sesli kitap okap bermedik çagalaryňkydan has baý bolar, sebäbi çaga dürli sözleriň has köp görnüşini eşidýär. Okamak başgalara has gowy düşünmegi öwredýär.
Çaga kitap okap berseňiz, bu meselä çynlakaý serediň. Teksti şol bir görnüşde aýtmagyň ýerine dürli intonasiýalary ulanyň. Kitapda suratlar bar bolsa, oň bilen bagly wakalar hakda okasaňyz, suratlaryny çaga görkeziň. Ulurak çagalara okap beren kitaplaryňyz hakda sorabam bilersiňiz. Bu size okamak prosesine gatnaşmaga, ýady we hyýaly işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, çagadan haýsy gahrymany halaýandygyny soraň.
Çaganyň gyzyklanmalaryna serediň!
Kitap saýlanyňyzda, çaganyň gyzyklanmalaryndan başlaň: şonda edebiýatyň çagany gyzyklandyrýan zatlary öwrenmegiň esasy serişdesidigine düşünersiňiz. Çagaňyzyň isleýän kitaplaryny satyn alyň, bu okamaga bolan gyzyklanmany artdyrar. Kitaplary satyn alyp bilmeýän bolsaňyz, bilelikde kitaphana gidiň.
Kitap saýlamagy çagaňyzyň özüne goýuň! Eger ol Dostoýewskiýniň romanlaryna däl-de, diňe gülkünç kitaplara ýa-da Garri Potteriň hekaýalaryna gyzyklansa, howatyrlanmaň! Esasy zat, onuň okamagy. Beýleki eserlere ýuwaşlyk bilen teklip edip bilersiňiz, ýöne çagany hiç wagt özüniň taýyn däl eserini okamaga mejbur edip bilmersiňiz.
Çagaňyzyň boş wagtlaryny nädip geçirýändigine üns beriň!
Häzirki zaman adamlary her gün, ortaça, 74 GB maglumat alýarlar. Alymlaryň bellemegine görä, 500 ýyl ozal hem adamlar bütin ömründe hut şu mukdarda maglumat alypdyrlar.
Smartfonlary we internedi işjeň ulanýan çagalar hem köp mukdardaky maglumatlara duş gelýärler. Häzirki wagtda kitaplar dürli multfilmler, TikTok wideolary we ykjam oýunlar bilen bäsleşýär. Şonuň üçin güýmenje enjamlarynyň ulanylyşyny çäklendirmäge synanyşyň.
2 ýaşdan 5 ýaş aralygyndaky çagalar adaty günlerde günde bir sagada, dynç günleri bolsa üç sagada çenli ekranyň öňünde oturyp bilerler.
Okamaga interaktiw çemeleşiň. Mysal üçin, güýzde çagaňyza bu möwsüme laýyk kitaplary hödürläň. Kitapdaky gahrymanlaryň suratlaryny boýamak üçin depderleri (raskraska) alyp beriň, çaganyň halaýan eserlerine esaslanýan oýunlary oýlap tapyň. Sözümiziň ahyrynda, çagalara edebiýatyň gyzykly bolup biljekdigini iş ýüzünde görkezmek bolýar.
«TürkmenGazet».