Göwün küýsegiSlider

«Kim, tanamadym?»

Poeziýa minutlary

15-08-2024 / 1454

Gelersiň diýip

Ýandy köňül köşgüm haraba döndi.
Gijelerim geçmez, hunaba döndi.
Başym dumanlanyp humarla döndi.
Ýene öňkiler deý söýermiň diýip.

Duýmaýarsyň halym gün-günden beter.
Sensiz ýaşamakdan eýledim heder,
Arzymy gaçyryp boldum bigadyr.
Bir gün gadyrymy bilersiň diýip.

Arzuwlarym gussa bilen garyşdy.
Söýen ýarym nirelerde azaşdy?
Derdimi paýlaşyp, göwnüm aglaşdy.
«Ine bir gün geler, gülersiň» diýip.

Geçip barýar söýlüp-söýmeli döwrüm.
Höwürtgämden uçdy gitdi-le, höwrüm.
Ezizim, men saňa bagş etdim ömrüm.
Garaşýaryn bir gün gelersiň diýip.

***

Suratyňy ber

Dünýämi dar eden, eý, biwepa ýar,
Hiç bolmanda maňa suratyňy ber.
Mährem didaryňa didelerim zar,
Hiç bolmanda, maňa suratyňy ber.

Didaryňa baka-baka ganaýyn.
Hyýalymda seň dünýäňde galaýyn.
Goý, bolsun kiçijik, bolsun saralan.
Mähribanym, maňa suratyňy ber.

Suratyňa garap, ýatlap, aýdanyň.
Nirde bolsam bile alyp gaýdaýyn.
Hem aýdyp bereýin, ýürek aýdymym.
Ezizim, sen maňa suratyňy ber.

Hyýalymda göz öňüme getirip,
Mähribanym sözleşeýin oturyp,
Ýar, keşbiňi goşgulamda göçürip,
Çekmek üçin maňa suratyňy ber.

Sen ýüregmiň ezizläni, ezizi.
Gözýaşlarma al ýaňaklar ezildi.
Hiç bolmanda az pursatlyk teselli
Tapmak üçin maňa suratyňy ber.

***

«Kim, tanamadym?»

Bu gün meni niçik tanamaýarsyň?
Ýitirdimi aňyň hakydasyny?
Ýa seniň ýüregiň ýan kitabymy?
Ýyrtdyňmy, sen menli sahypasyny?

Ýa-da seniň ömrüň uly sahnamy?
Günde täze-täze tomaşa dörän.
Sahnada ýerine ýetiren keşbim,
Ýatda galmaz ýaly gysgamy örän?

Ýa-da sen tanymal helkeltaraşmy?
Il içinde uly sarpa goýulýan.
Indi ilki ýasan sada heýkeliň,
Öz ýasanyň däl ýalymy görünýär?

Merjen SAPAROWA.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu