Günorta Koreýa 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň arasyndan Fransiýadan dolanan türgenlerde we tälimçilerde dürli zyýanly mör-möjekleri (büre, tagtabit) anyklamak üçin ýörite öwredilen ys alyjy itden peýdalanýar.
«The Independent» neşiriniň habar bermegine görä, it «Incheon» halkara aeroportunda öz işine taýýar bolup dur. Bu Pariž Olimpiýa oýunlaryndan türgenleriň, resmi adamlaryň we janköýerleriň gaýdyp gelmegi bilen baglylykda, ownuk mör-möjekleriň ýurda girmek howpuny azaltmak üçin edilýär.
Zyýanly mör-möjeklere garşy göreşiji «Cesco» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Seko atly it mör-möjeklerden çykýan yslary anyklamak üçin öwredilen ýurtdaky ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk jandar hasaplanýar. Kompaniýanyň wekili Kim Min Sun-yň aýtmagyna görä, Seko standart myhmanhana otagyny iki minutdan hem azrak wagtyň içinde barlap çykmaga ukyplydyr.
«Zyýanly mör-möjeklere garşy göreş kompaniýasy bu işi Günorta Koreýanyň Howpsuzlyk we transport ministrlikleri hem-de Kesellere gözegçilik we öňüni alyş gullugy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýar» diýlip habarda aýdylýar.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Günorta Koreýa Olimpiýa oýunlarynda iň köp medal sany boýunça 8-nji orny eýeleýär. Medallaryň sany jemi 32 bolup, olaryň 13-si altyn, 9-sy kümüş, 10-sy bürünç medallardyr.
«TürkmenGazet».