Şeýle täsin dünýä bar. Ol — guşlaryň dünýäsi. Guşlaryň jürküldüsi iň agyr dertlere melhem, şahyryň ýüregine joş berýän ylhamdyr. Dünýäde guşlaryň görnüşi diýseň kän. Hatda olaryň içinde biziň ömrümizde görmedik guşlarymyz hem bar. Şeýle täsin guşlaryň biri kwezal — ýagty, owadan, näzik gözelligi bilen tapawutlanýan guş.
Bu guşa «erkinlik guşy» hem diýilýär. Sebäbi bu guş Gwatemalanyň döwlet nyşany bolup, ol döwletiň azatlygynyň milli nyşanydyr.
Guş agaçdan agaja uçup geçende guş däl-de, baýramçylyk uçarlarynyň bir görnüşini ýada salýar. Olaryň uzyn guýruk ýelekleri ýagtylykda ýalpyldap, näzik lenta ýaly pasyrdaýar. Gadymy Amerika halklarynyň arasynda erkinlik söýgüsiniň nyşanyna öwrülen kwezal guşunyň erkeklerinde has owadan uzyn ýelekler bolýar, urkaçylarynda reňklenme birneme sada görnüşde bolup, olarda ýaşyl goňur çyzyzlar geçýär. Guşlar wagtynyň köp bölegini agaçlarda geçirýärler, iýmit iýýärler we höwürtge gurýalar.
Rowaýata görä, bu guşuň ady Astek Panteon hudaýynyň hormatyna dakylan. Howa giňişliginde guşuň ýelekleri mawy we ýaşyl dürli öwüşginler bilen has-da owadan görünýär. Gyrmyzy döşi bedeninden hem uzyn bolan gök guýruk ýelekleri guşuň owadanlygyna has-da gözellik goşýar. Şeýle birnäçe täsin we owadan aýratynlyklary bilen kwezal guşy dünýädaki iň owadan guşlaryň hataryna girizilen. Bu guşlaryň esasy iýmiti agaçlardaky miweler hasaplanýar. Bu älemgoşar reňkli azatlygy halaýan guşy haýwanat dünýäsinde görüp bolmaýar. Sebäbi bu guş azatlygy söýýär. Tussaga tutulan guş ýa-da tutgunlykda saklanýandygyny bilen guş ýüregi ýarylyp ölýär. Şol sebäpli hem Kosta Rikada we Panamada kwezaly goramak üçin milli seýilgähler döredildi. Häzirki wagtda kwezal guşy ýitip gitmek howpy abanýan görnüş hasaplanýar. Dag tropiki tokaýlyk ýerlerini kemelmegi bu täsin guşlaryň sanynyň ep-esli azalmagyna sebäp boldy.
Kwezal Merkezi Amerikada duş gelýän endemik görnüş bolup, Meksikanyň günortasyndan uzalyp gidýän dag tokaýlyklarynda ýaşaýar. Kwezal ýitip gitmek howpy abanýan görnüş hökmünde dünýäniň Gyzyl kitabyna girizilendir.
«TürkmenGazet».