Habarlar

Hazaryň türkmen kenarynda forum geçirildi

13-08-2024 / 288

12-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda guraldy.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Türkiýäniň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Täjigistanyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň, şol sanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýada we Kawkazda balykçylyk we akulakultura boýunça komissiýasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara deňiz hukugy boýunça institutynyň, Halkara ummanlar institutynyň we beýlekileriň wekilleri bar.

Maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi. Çykyşlarda degişli ulgamda sebit döwletlerinde, “Hazar ekologiýa maksatnamasy” atly sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işler giňişleýin beýan edildi.

Myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gezelençleri göz öňünde tutýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu