Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikler bar. Şol ugurlarda sebitiň döwletleriniň arasynda gazanylan ylalyşyklar bolsa Hazary diňe bir hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, dostlugyň deňzine öwürdi. Muňa her ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda strategik ähmiýeti dünýä ykbalyna dahylly meselelere utgaşýan Hazar deňziniň gününiň bellenilmegi hem şaýatlyk edýär.
Her ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda strategik ähmiýetli Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu senäniň döredilmegi ilkinji bäştaraplaýyn resminama bolan Hazar deňziniň gurşawyny goramak hakyndaky çarçuwaly Konwensiýa gol çekilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol resminama 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Munuň özi gojaman Hazaryň köpugurly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýändigini, Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
XXI asyryň başynda Hazaryň hukuk ýagdaýy bilen bagly geçirilýän gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerine badalga berildi. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Munuň özi şeýle ýokary ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi ugrunda özüniň halkara başlangyçlary we ýerine ýetiren işleri bilen sebitiň döwletlerine nusga bolan Türkmenistanyň Hazar deňzini kenarýaka ýurtlary üçin bähbitli hyzmatdaşlygyň ösen merkezine öwürmäge çalyşýandygyna güwä geçýär. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi bu sebitiň strategik ähmiýetini has-da artdyrdy.
Hazar — mümkinçilikleriň deňzi. Hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat sammitinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga üns bermek bilen, Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykata kybapdygyny nygtady. Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerini öz üstünden geçiren Hazarýaka sebiti häzirki wagtda bu ýoluň täzeçe döwrebap keşbiniň möhüm düzüm böleginiň merkezidir. Tutuş sebitiň logistik infrastrukturasyny Ýewraziýanyň deňiz derwezesi bolan Hazaryň ulag halkasyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.