HabarlarSlider

Astana sammiti: netijeler we resminamalar

10-08-2024 / 259

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirildi. 

Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly myhman hökmünde ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga çagyryldy. Sammitiň resmi nyşanynyň we oňa gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, «Akorda» köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew duşuşygy açyp we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny hem-de agzalaryny mübärekläp, soňky ýyllarda konsultatiw duşuşyklaryň sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli meýdançasyna öwrülendigini, ony ýokary derejä çykarandygyny, ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny ynanyşmak häsiýetine eýe edendigini nygtady.

Sammitde Prezident Serdar Berdimuhamedow taryhy çykyş edip, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň dürli ugurlary barada durup geçdi.

Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi.

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasyna hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdine gol çekdiler. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy giňişleýin görnüşde dowam etdi. Hormatly myhmanlar hökmünde oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem gatnaşdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu