Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi.
Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurduň wekiliýeti 9-11-nji awgust aralygynda Bugaç şäherinde geçiriljek gün we türki halklaryň gadymy däp-dessurlarynyň goralyp saklanmagy we sähra çarwa medeniýetleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň baýramçylygy bolan gurultaý-festiwala gatnaşar. Şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligiň açylyş dabarasy bolar.
Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri 11-nji awgusta çenli dowam eder.
«TürkmenGazet».