9-njy awgustda – şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Degişli sammitlere gatnaşýan dostlukly ýurtlaryň Liderleri bilelikde oňyn netijeleri gazanmak babatdaky syýasy erk-islegini, meýillerini, aýgytlylygyny aýdyňlyk bilen görkezip, köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň esaslandyrylmagynyň 20 ýyllygy bellenilýän ýylda şu formatda ilkinji gezek ýokary derejede geçirilýän sammit bolsa syýasat, ykdysadyýet, medeni alyşmalar ýaly ugurlarda altytaraplaýyn gatnaşyklarda toplanan tejribä syn berip, geljek onýyllyklar üçin anyk maksatlary kesgitlemekde täze ädime öwrüler.
«TürkmenGazet».