Ahmyr
Ýaz ýeline ýüzümizi ýuwardyk,
Leýlisaçlaň gujagyna gysylyp.
Ýygralygyň geçip bilmän ýüzünden,
Durmazdyk biz boýunlardan asylyp.
Gülki bilen günlerimiz gyzardy,
Şol wagtlar bagt bilen aşnadyk.
Ýüreklerde ýokdy gaýgy, aýralyk,
Ýokdy biziň arzuwlarmyz paşmadyk.
Seýilgähi yşgymyza bürärdik,
Oýnap ýören çagalara meýil edip.
Ýadyňdamy? «Oglum bolsa…» diýeniň,
Şonda neçün «Ikimiziň!» diýmediň?
Bir perişdäň gulagyna ilişdi,
Meni telim örtän, ýakan hyýalyň.
Şol günden soň men-ä gezdim dommaryp,
Senem bolduň bir bagtlyň aýaly.
Aýralyga dözüm etdik, ýaşadyk,
Sen ogul dogurdyň, men bolsa gussa.
Düýnden ýakymsyz ýel öwüsdi durdy,
Men seni ýatladym ýüregim gyssa.
Barybir aýňalyp bilmedim soňam,
Wah, neneň gyýanyň duýmadyň şonda!
Biz aşna dälmidik bagtymyz bilen?
Neçün «Ikimiziň!» diýmediň şonda?!
* * *
Göwünlik
Zeleli ýok, undup goýber baryny,
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn.
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.
Kim bilipdir öňden beýle boljagyn,
Ýatlamalar meňem kalbym gowurýar.
Göz öňümde: taplanmadyk geljegim
Ahmyryny ýele-göge sowurýar.
Aý, nätjek-dä, pelek işi, gysylma,
Baky däldir munda hiç zat, hasradam.
Bir gün geler, bagt gysdyrar gysymňa
Ýüregiňi ýok edersiň gussadan.
Bir men däl-ä dünýä gelip göreniň,
Ýatlamalaň ýumagyny çözme sen!
Isleýärkäm seniň bagtly bolanyň,
Haýyş edýän,gama boglup gezme sen!
Zeleli ýok, undup goýber baryny
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn.
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.
Aşyr HANOW.