Mälim bolşy ýaly, 26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagty Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berildi. Bu halkara sport baýramy 11-nji awgusta dowam eder.
Turuwbaşdan bellesek, 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen, her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Munuň özi sportuň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisidigini görkezýär.
Sport janköýerleriniň uly gyzyklanma we sabyrsyzlyk bilen garaşan ýokary derejeli iri halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Baýdagynyň belentde parlamagy biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi.
Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetiniň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.
Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. 2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda täze, şöhratly sahypa açyldy: Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalydyr. Bu ýokary üstünlik türkmen türgenlerini ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge, halkara ýaryşlarda täze medallary gazanmaga ruhlandyrdy.
Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň müdiriniň w.w.ý.ý.