Bu günki gün durmuşymyza giňden ornan enjamlaryň birnäçesi zenanlar tarapyndan oýlanyp tapylandyr. Olardan doňdurma ýasaýjy enjamy, elektrik sowadyjyny, gap-gaç ýuwujy maşyny, awtoulaglar üçin niýetlenen aýna arassalaýjy we gyzdyryjy enjamlary, ütük edilende peýdalanylýan stoly, awtoulag gyzdyryjysyny we beýlekileri mysal getirmek bolar.
Gyşyň sowuk howaly günlerinde ulagda gezelenje çykylanda, ýolagçylaryň, şol sanda sürüjiniň özüni oňaýly, rahat duýmagy üçin awtoulag gyzdyryjysynyň ähmiýeti örän uludyr. Awtoulaglaryň barha ýaýramagy, kämilleşmegi netijesinde, XIX asyryň soňlarynda ulag gyzdyryjysy döredilýär. Has takygy, 1893-nji ýylda ilkinji awtoulag gyzdyryjysy zenan Margeret Uilkoks tarapyndan oýlanyp tapylýar. XX asyrdan başlap bu enjamyň üstünde birnäçe kompaniýa işläp, has kämil hem-de howpsuz bolmagy gazanylýar. Şondan soňra awtoulag gyzdyryjylary ulaglarda ornaşdyrylyp başlanýar.
Egin-eşikleri ütük edilende ulanylýan stol Sara Bun tarapyndan oýlanyp tapylandygyny bilýärdiňizmi? Sara Bun tikinçi bolup zähmet çekýär. Ol özüniň tikýän egin-eşikleriniň müşderileriň ünsüni özüne çekip bilmegi üçin yhlas edýär. Şeýlelikde, Sara Bun ütük edilende egin-eşikleriň ýazgyn halda bolmagyny üpjün edýän stoly oýlap tapmagyň kararyna gelýär. Bu oýlap tapyşy ol öz tejribesinde birnäçe gezek barlap görýär. Sara Bun ýykylma mümkinçiligi bolmadyk we egin-eşikleriň ýeňini ýygyrt düşürmezden ütüklemek üçin ujy inçeräk agaç stoly döredýär. Bu usulyň, hakykatdan-da, peýdalydygyna göz ýetiren tikinçi oýlap tapyşy üçin patent almagyň ugruna çykýar. Sara Bun 1892-nji ýylda ütük edilýän stoluň patentini alýar.
«TürkmenGazet».