SliderŽurnalistiň sahypasy

«Dolce&Gabbana» itler üçin duhy işläp çykardy

05-08-2024 / 553

Indi itleriňem öz parfýumeriýasy bar. Dört aýakly dostlarymyz üçin ilkinji duhy ýakynda «Dolce&Gabbana» brendi tarapyndan çykaryldy. Ol «Fefe» diýlip atlandyryldy. Bu at italýan modelýeri, «Dolce&Gabbana» esaslandyryjysy Dominiko Dolçeniň itiniň adydyr.

Çüýşäni bezäp duran penjäniň heýkeljigi 24 karat altyn bilen gaplanandyr. Siziň öý haýwanyňyz üçin edil şu medalýon satyn alan harydyňyz üçin bonus hökmünde gelýär. Bu aromat sandal daragtyny we müşk notalaryny öz içine alýar. Çüýşäniň bahasy 99 ýewrodyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu