Biperwaýlyk egsik etdi kalbymy,
Çolarypdyr degre-daşym, tap-takyr.
Örtüp bolmaz eken hergiz aýbyňy,
Nädeýin, ýakymsyz sesimem çakyr.
Men ýazy küýsedim, isledim ýagmyr,
Hem delminip umyt etdim asmandan.
Damja nem düşmedi.
Belki, asman-da,
Meniň ilki ýagmagymy isländir.
Bir ýerlerden sesi gelýär roýalyň,
Sazyň ruhy şemal bilen birleşdi.
Hesretimi egser diýip aýanym,
Ýalňyz goýup, hesretime çolaşdy.
Ýylylyk küýseýän, ýalňyz kalbymyň
Çolarypdyr degre-daşy, tap-takyr.
Örtüp bolmaz eken hergiz aýbyňy,
Nädeýin, ýakymsyz sesimem çakyr.
* * *
Bagtly günleň badasyny göterip,
Serhoş bolsaň säherleriň deminden.
Hamrak şemal ukusyndan ör turup,
Alyp gitse sähralara,
Çekip sada arzuwlaryň ýeňinden.
Doýmasaň bu tomuslardan, güýzlerden,
Mydam bagtyň gujagynda ýaýnasaň.
Ümsümlik deňzine çümen gijede
Şygyr bolup, aýdym bolup gaýnasaň.
Köňül içre ýol gapyşsa hijrana,
Şatlygyň aýdymyn baýdak deý,
Asmana göterlip ýazsaň.
Iň oňat duýgyny kebşirläp kalba,
Nähili oňatlyk,
Bagtyň nämeligin bagtyň özüne
Güjeňläp gezseň.
* * *
Aýy bulut ogurlapdyr bireýýäm,
Şondan başga göwündeşem görnenok.
“Ak şäherde ─ dogry aýdýarlar ─ bagt kän”,
Ýöne üşänimde üstüm örten ýok.
Diregsiz üzüm deý ýerde sersepil,
Duýgularym, size nebsim agyrýar.
Eje, häzir tamdyr çowlan eliňden,
Hawa, şol elleňden öpesim gelýär.
Sessiz aglaşarys, duýmaz özgeler,
Sesli gülüşeris, goý, duýsun hemme.
Soňra ugrat meni, gyzgynjak nany
Suwa basyp, tutdurdajyk elime.
Men bagtly bolaryn bar zatdan beter,
Mähribanlyk bilen ýylgyrşyň görüp.
Ýalňyzlyga çirkizlen şu gülkülem
Ýogsa halys etjek kalby çökerip.
Edil şu mahalam duýansyň derdim,
Syzlandyr ýüregňe barýan damaram.
Ejizlikdir öýdüp düşünme, käbäm,
Bagtsyzlykdan däl bu günki dilegim,
Ak şäheriň näçe diýseň bagty bar.
…Tümlük,
Çaklaňja gülçyram,
Kiçijik umyt,
Aýsyz gijäm küýsegime eltersiň.
Häzir birsalymdan gelip, eje jan,
Belki-de, düýşümde üstüm örtersiň.
Maksatmyrat ÇARYÝEW.