SliderTrend we gözellik

Awokado maskasy we gözellik

04-08-2024 / 741

Awokadonyň deri üçin peýdasy diýseň köpdür. Derini çyglylyk bilen doldurýan awokado zeper ýeten derini bejerip, ony has-da güýçlendirýär. Şeýle-de, deri öýjüklerini täzeleýär we garramagyň alamatlaryny ýok etmäge ýardam berýär. Siz hem awokado maskasy bilen owadan we tekiz derä eýe bolup bilersiňiz.

Awokado düzümindäki witaminler we sagdyn ýaglaryň kömegi bilen deride çyglylygy saklaýar. Kosmetologlar awokado maskasyny öýde yzygiderli ulanmagy maslahat berýärler. Ine, awokadonyň derimiz üçin birnäçe peýdalary:

Awokado deriniň ýitiren çyglylygyny täzeden dikeldýär;

Guraklyk we ýalpaklyk ýaly problemalary aradan aýyrýar;

Awokado düwürtikleri guradyp, gaýtalanmagynyň öňüni alýar;

Omega 3-iň kömegi bilen deridäki ýaralary, ýanmalary we kesikleri bejerýär;

Awakado garramagyň öňüni alyp, ýüzdäki ýygyrtlary azaldýar;

Derini öli öýjüklerden çykarýar we täzeleýär.

Awokado maskasynyň taýýarlanylyşy: bu maska ​​derini iýmitlendirýär we bejerýär we öýjükleri täzeleýär. Ilki bilen 1 sany bişen awokado bilen 1 nahar çemçesi ary balyny gowy edip garmaly. Soňra taýýar bolan bu maskany arassa deriňize sürtüň. Ony 20-25 minut wagt belläp ýüzüňizde goýuň. Wagt dolansoň ýüzüňizi mylaýym suw bilen ýuwuň we nemlendiriji çalyň. Bu maskany hepdede bir ýa-da iki gezek ýüzüňize çalmagy unutmaň!

Netijede, awokado maskasynyň kömegi bilen deriňizi täzeläp, ony hemişe janly görnüşde saklap bilersiňiz. Awokado maskasyny yzygiderli ulansaňyz, deriňizdäki üýtgeşiklige göz ýetirersiňiz.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu