1-nji awgustda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdep bazarlary ilata islegli harytlaryny hödürläp başladylar. Mekdep bazarlarynda Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalary, türkmen telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen önümler müşderilere ýetirilýär.
Mekdep bazarlarynda işi ýola goýmak iň tejribeli satyjylara ynanylypdyr. Göçme söwda nokatlarynda depderleriň, surat albomlarynyň täze we dürli görnüşleri, ruçkadyr reňkli galamlar, gündelikler, beýleki kanselýariýa harytlary, oglan-gyzlar üçin mekdep lybaslary müşderilere hödürlenilýär. Satylýan önümleriň köpdürlüligi, hili, bahalarynyň elýeterliligi bada-bat ünsüňi çekýär. Şu ýerde aýratyn bellemeli zat bolsa ilata hödürlenilýän harytlaryň öz ýurdumyzda ýokary hil derejesinde öndürilendigidir.
Ir ertirden tä öýläne çenli göçme söwda nokatlarynyň alyjysy özüne ýetik. Satyjylar gelenleri güler ýüz bilen, mylakatly garşylaýarlar, möhümini bitirýärler. Şeýle bolansoň, söwda-satuw hem gyzgalaňly guralýar. Mekdep bazarlarynyň ilatyň iň gelim-gidimli ýerlerinde — ak bazarlaryň, söwda merkezleriniň çäklerinde guralmagy has-da amatly mümkinçilikleri döredýär.
«TürkmenGazet».