Göwün küýsegiSlider

Bu älemde bar zat gidipdir uka…

Poeziýa minutlary

02-08-2024 / 903

Dostuma

Bilýän, bar zadyň gowlugyn,
Hemem gowy däldigini.
Pelek çarhyny aýlap dur,
Käwagt düşüp gädigine.

Günler zymdyrlyp geçip dur,
Gije bilen ýerin çalşyp.
(Bir zat gowy, gijelerne
Örän aýdyň görüp bolýar,
Kyn gündäki dostlar ýaly,
Ýyldyzlaryň şugla salşyn).

Bir ýerlerde ýagyş ýagýar,
Gursagyny ezip ýeriň.
Habarsyz ýitme, ýogsa men
Böwrümi diňlär ýörerin.

***

Ýer üstüne ýuwaş-ýuwaş çöküpdir,
Ümsümligiň gara, goýy dumany.
Ne gülki bar, ne-de şatlyk-şagalaň,
Gussa gujaklapdyr älem-jahany.

Ýer gursagyn dilip akýan kanala
Aý şöhlesi monjuk bolup damypdyr.
Sus jahanda höküm sürýän ahwala,
Agras nazar aýlap, älem dymypdyr.

Zemine güjeňläp, asman daňypdyr,
Gara reňkli, göwher gaşly ýaglygyn.
Öz gapdaly bilen süýräp gelipdir,
Uky düýşleň ertekiler şalygyn.

Bu älemde bar zat gidipdir uka…
Diňe ynsan gözün asmana dikip,
Otyr ot başynda dyzyn gujaklap,
Älemde ýok zadyň gussasyn çekip.

***

Egsilipdir töweregiň şowhuny,
Dünýäni tutupdyr öçügsi saklyk.
Hemişeki ala-şowhun köçeler,
Gyz göçürlen ojak ýaly gum-gukluk.

Hassa kimin reňki agan asmanyň
Gursagnyň hasraty gözünden çogdy.
Penjiräniň gädiginden syrygyp,
Şu gün ýagyş ýagdy, juda kän ýagdy.

***

Anbar güllerini açypdyr baglar,
Sähra tikinipdir ýaşyl keteni.
Bahar gelse, doňup ýatan buzlaram
Pagyş-para eräp gitjek ekeni.

Bulut damjalarny seçipdir gökden,
Meňzäp şelpelerne kümüş gülýakaň.
Bir-birinden “öň gelmeşek” oýnaýan
Damjalar eňipdir Zemine bakan.
Gögüň yşky hakda
Ýeriň gulagna
Olar näme diýip pyşyrdaýarka?!

Güljahan URAÝEWA.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu