SliderSyýahatçylyk

Keseligine ýerleşýän iň uly desga

02-08-2024 / 348

Hytaýyň Çunsin şäherindäki «Crystal’s Exploration Deck» binasy keseligine ýerleşýän iň uly desga hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi.

Bina «Raffles City Chongqing» arhitektura taslamasyna degişli bolan ýedi binanyň biridir. Desganyň uzynlygy 300 metr bolup, 250 metr beýiklikdäki 4 sany binanyň üstünde ýerleşýär. Onuň agramy takmynan 12 müň tonna barabardyr. Bu gurnama desga synlaýyş meýdançasy bolup hyzmat edýär.

Binanyň birinji gatynda taryhy gymmatlyklaryň sergisi ýerleşýär. Ikinji sergi eýwanynda Mars saýýarasyna bagyşlanan eksponatlar uly orun eýeleýär. Synlaýyş meýdançasyndan şäheriň we Ýanszy derýasynyň gözel görnüşlerini synlamak mümkin.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu