2. Özleşdireniň özüňki
Gerek hünäriňi dogry saýlamak — bu uly zat, emma pikir etseň, sen heniz eýelemek üçin saýlan belentligiň, üstüne çykylmaly depäniň düýbünde dursuň. Bu ýere senden öňem, seniň bilen bile-de synaga gelen kän. Yhlasyňy gaýgyrma-da, bar bilimiňi we gaýratyňy tijäp, synaga taýýarlan. Bu ýerde gaýta-gaýta dyzanyp, synanyşyp durmak ýok, «demiňi dürsemäge» tutuş bir ýyl berýärler. Oglanjyk wagtymyz oýunda ýykylyp-sürşüp, bir ýeriňi agyrdaýsaňam, aglamak gadagandy. Hatda dözmez enelerem: «Goý sesiňi, oýunlykda ýykylyp aglasaň, daýyň başy kel bolar!» diýip, dözümli darardylar. Bu ýerde-de tas şonuň ýaly, bilimiňi görkezip, sowallara jogap berip bilmeseň, kimden görjek?!
1973-nji ýylda mekdebi gutaryp, kän pikirem etmän, şol wagtky oba hojalyk institutynyň zooweterinariýa bölümine girişe bardym. Ýok, girip bilmedim, ýöne şonda men nesibäm çekip, Türkmenistanda tanalýan, abraýly mugallymlar Öwez Sopyýewe we Baýram Balakaýewe synag tabşyrdym. Gyssaman, gyssanman, aljyrasamam «batgada basjak bolman», gaýtam ugrukdyryp, jogaplarymy diňlän bu halypalaryň biologiýadan we himiýadan goýan dörtlükleriniň maňa haýyrlary degmedi, ýöne mugallymyň medeniýeti, mylakatlylygy we adalatlylygy barada gürrüň açylanda, her gezek şol iki beýik adam göz öňüme gelýär. Dördünji synagda ikilik goýan mugallymyň adyny agzasam, «öýkesi bar» diýersiňiz, ýöne bir säw bilen düşen ýolumdan bilip-bilmän wagtynda gaýtarany üçin oňa alkyşym hem bar. Çünki mugallymçylykdan başga hiç bir kärde, megerem, men özümi şu derejede tapyp bilmezdim.
Synag bilen eýmendirip oturan-a däldirin-dä, eziz dalaşgär?! Has kyna taýýar üçin kynam ýeňil bolarmyş, eýmenmäň! Ýöne synagdan geçeniň, talyp bolanyň bilenem iş bitäýýändir öýtmäň. Magtymguly atamyzyň «gümanadyr çeýnegeniň» diýen pähimi ýadyňda bolsun hemişe! Ol näme diýýär?! Üsti nygmatdan doly saçagyň başyndan saňa orun ýetjegi nämälim. Dahylly bolanyňda-da, haýsy nygmatdan dadyp ýetişjegiň belli däl. Agzyňa salyp çeýnäniňi ýuwutjagyň, ýuwdanyňy siňdirjegiň entek nämälim diýýär pähimdar atamyz.
«Özleşdirmek» diýen sözi irräkler diňe täze, tarp ýer baradadyr öýderdim. Beýle däl, durmuşda özüňe ýaramly, özüňe laýyk edip bilmedik, öz hyzmatyňa goýup bilmedik zadyňy «özleşdirdim» diýip bolmaýar. Diňe özleşdireniň özüňki bolýandyr. Iýmiti özleşdirişiň ýaly, temany, sapagy, täzeligi, ylmy, asyl tutuş durmuşy — barysyny özleşdirmegi başarmak gerek. Talyplyk ýyllary dürli derslerden kösenip-kösenmän, düşünip-düşünmän alan bahalaryň baha depderiňe goýulýar, ýöne hünäri durky bilen özleşdirişiňe, ýagny seniň hünärmenligiňe bahany durmuş maňlaýyňa görnükli edip ýazýar.
Mekdep sapagy — bu ynsana bilim-terbiýe berilýän kesgitli pursat, wagtyň bir ülşi. Bu ýerde bilim-de, terbiýe-de özleşdirmäge, siňdirmäge aňsat bolar ýaly temalara bölüp-bölüp, gönüläp aýdylanda, çeýnäp-çeýnäp, ýuwdaýmaly edilip berilýär. Ýöne mekdebi tamamlany bilen ynsan doly «sapagyny çykaýanok», adam bütin ömründe ata-enesinden, halypalaryndan, tutuş durmuşdan sapak alyp ýaşaýar. Ömür — mekdep, durmuş — mugallym, ynsan — hemişe okuwçy. Ömürleriň, durmuşyň, özleriniň dürli boluşlary ýaly, adamlaryň bilim, akyl, medeniýet we gaýry gylyk-häsiýet derejeleri hem deň bolmaýar.
Mahmyt Zamahşary: «Köp zady başaryp bilýärkäň, az amal etmek, doly bitirmäge güýjüň barka, ýarpy-ýalta etmek iň uly nogsanlykdyr» diýýär. Magtymguly atamyzda hem «Nogsanyň içinden haýyr gözleme» diýen setir bar. Nogsanlyga bizi diňe ýaman gylyk ýa-da niýet däl-de, aglaba ýaltalyk ýakynlaşdyrýar. «Işiň ýeňilini ýalta tapar» hem diýýändir türkmen. Mugallymyň synagyndan däl-de, hünäriň synagyndan geçmek, adamlaryň öňüne arkaýyn çykmak üçin okamaly, öwrenmeli. Talyplyk — bu size öwrenmek üçin döwlet tarapyndan kesgitlenip we ähli şertler döredilip berlen wagt, ömrüň bir möwsümi. Öwrenmeli möwsümi maksadalaýyk sarp etsek, işlemeli möwsümden öwrenmäge wagt taparys.
Çig ýeriňi hiç gizläp bolmaýar. Ony gizlemän, il görmänkä, özüň düzetmeli. Bir ugurdan bilim alan hünärmenleriň diplomlary meňzeşem bolsa, il içinde özleriniň deň görülmeýändigi hemmä aýandyr.
Bilimem, akylam hiç haçan taýýar görnüşinde berilmeýär. Oňa düşünip bilmeli, ony alyp bilmeli, alaňsoňam, ony özüň «bişirip iýmeli». Mugallym sapagy hemme okuwça deň derejede düşündirýär, hemmä deň yhlas edýär, ýöne netijeleri welin, deň däldir. Dürtme däl-de, guýma gursaklardan bolup bilmeseň, okuw we durmuş sapaklarynyň gaty känisini duşuňdan geçirersiň.
Akyldarlaryň kitaplarynyň birinde şeýle jümle okadym: «Ata-enä, Haka we halka ak ýürekden hakyky gulluk etmek ybadatlaryň iň sogaplysydyr». Alan hünärimize, başarnygymyza görä, bize durmuşda wezipe we kär ynanýarlar. Her işgäriň hem belli wezipe borçlary bar. Borjuny bilýän we berjaý edýän adam jemgyýetiň iň bir gymmatly, gadyry bilinmeli baýlygydyr. Öz wezipe we ynsanlyk borçlaryna hötde gelip bilmeýän adamda mertebe azdyr. Gowy hünärmen, ýagşy adam bolmak üçin ýagşylaryň ömürlerine syn et, many tap, olardan nusga al! Iň esasy hem, ussat tapyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas ýüki ýetik kitaplaryny, Magtymguly atamyzyň we beýleki parasatly kişileriň eserlerini okasaňyz, HALYPA sözüniň ähmiýetine düşünersiňiz. Dana Pyragynyň: «Bir atada alty atanyň söýi bar» diýen setirini tirýän danalarymyz olaryň biriniň ylym atadygyny, ýagny halypadygyny nygtaýarlar. «Şägirt bolmadyk ägirt bolmaz» diýlendir. Şägirtlik ýoluny geçmedik adam senedine hernäçe yhlasly bolsa-da, hakyky halypalyga ýetip bilmeýär. Halypa görmedikden halypa çykýan däldir.
Hormatly dalaşgär! Sen ata-eneň bilen deň hatarda durup, yhlas bilen ösdüren Watanyň hem perzendisiň! Bu gün sen kämil çykdyň, ata-eneňe, Watana yhlasyňy görkezmeli, bergi-borjuňy kem-kem gaýtaryp başlamaly möwsümiň geldi. Her bir ata-enäniň kemally, ata-baba ojagyna wepaly perzent isleýşi ýaly, döwletimiz, Watanymyz, Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz saňa umyt baglaýar. Seniň watançylygyňy, il-günüňe, halkyňa söýgiňi, hünäriňe yhlasyňy döwlet berkararlygynyň, ýurt abadançylygynyň we asyrlara uzap gitjek bagtyýarlygymyzyň esasy saýýarlar. Ýoluň ak bolsun!