ReportažSlider

Söýgi şäherinde «derýa şüweleňi»: Pariž-2024 (foto)

Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan fotopursatlar

27-07-2024 / 1267

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda açylyş dabarasy ilkinji gezek stadionda däl-de, şäheriň merkezinde geçirildi.

Dabara türgenleriň adaty bolmadyk ýörişi bilen başlandy: Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar Sena derýasynda gaýyklarda ýüzdüler.

Wekiliýetleriň ýörişi Austerlis köprüsinde başlandy we olar gaýyklarda 6 kilometrlik ýoly geçip, Eýfel diňiniň öňündäki “Trokadero” meýdançasyna geldiler.

Açylyş dabarasy 4 sagatdan gowrak dowam etdi.

«Derýa tomaşasy» diýip at alan bu dabara 300 müňden gowrak tomaşaçyny bir ýere jemledi.

Anna güni agşam — açylyş dabarasynda Parižde ýagan güýçli ýagyş myhmanlara lezzet bagyşlasa, guramaçylarda kynçylykly ýagdaýlary döretdi.

Dabara başlamazdan ozal, baş gahryman tanymal futbolçy we tälimçi Zinedin Zidan bolan wideo görkezildi.

Parad wagtynda 10 500 türgenli 100-e golaý gaýyk Sena derýasynyň ugrunda hereket etdi.

Köp sanly türgenli delegasiýalar üçin aýratyn gaýyklar berildi.

Az sanly gatnaşyjy bilen milli olimpiýa komitetleri bir gaýykda birnäçe delegasiýa tarapyndan wekilçilik edildi.

Jemi 206 Olimpiýa milli ýygyndysyndan 10,5 müň türgen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar: Afrikadan 54, Ýewropadan 48, Aziýadan 44, Amerikadan 41, Okeaniýadan 17, aýratyn bitarap türgenler we Olimpiýa bosgun topary.

Gresiýanyň milli ýygyndysyndan soň, toparlar elipbiý boýunça Sena derýasynyň boýunda ýüzdüler. Fransuzlar üçin kadadan çykma boldy, ýer eýesi hökmünde olar bu paradyň yzky bölegini eýelediler.

Türgenler Luwrda we beýleki fransuz sungat galereýalarynda çekilen ägirt uly suratlaryň fonunda ýüzýärler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň lybaslary sport baýramçylygyna gatnaşyjylary haýran galdyrdy.

Türgenleriň parady bilen birlikde tomaşalar hem guraldy.

Meşhur aýdymçy Ledi Gaga fransuzça «Mon truc en plumes» aýdymy bilen dabarany açdy.

Jemi 329 baýrak toplumy 32 sport görnüşine berler. Bu geçen gezekki tomusky Olimpiýa oýunlaryndan 10 esse azdyr.

Bilşiňiz ýaly, Pariže «söýgi şäheri» diýilýär. Muny dabarada görkezilen asmanda peýda bolan söýgi hekaýasy hem tassyklaýar.

Açylyş dabarasy hakyky sport toýuna öwrüldi.

Olimpiýa oýunlarynyň alawy meşhur futbolçy we tälimçi Zinedin Zidana ynanyldy!

Alaw estafeta görnüşinde meşhur türgenleriň elinden geçdi.

Ýeňil atletikaçy, rowaýata öwrülen Mari-Joze Perek we meşhur dzýudoçy Teddi Riner alawy uçýan howa şaryna geçirdi. Seline Dionyň aýdymynyň astynda şar ýokary galdy.

Pariždäki Olimpiýa oýunlary 11-nji awgusta çenli dowam eder.

 «TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu