Mälim bolşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasynda 28-nji iýunda geçirilen Prezident saýlawlarynda Masud Pezeşkian ýeňiş gazandy. Masud Pezeşkiýan Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi saýlanan Prezidenti tassyklamak barada Karara gol çekenden soňra, 30-njy iýulda Mejlisiň jaýynda kasam kabul eder.
26-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biriniň hem Eýran Yslam Respublikasy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany 30-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin wise-premýer, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.
«TürkmenGazet».