HabarlarSlider

Türkmen türgenleri Parižde tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

27-07-2024 / 301

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň iri sport baýramçylygy – XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetiniň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda açylyş dabarasy ilkinji gezek stadionda däl-de, şäheriň merkezinde geçirildi. Dabara türgenleriň adaty bolmadyk ýörişi bilen başlandy: Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar Sena derýasynda gaýyklarda ýüzdüler. Wekiliýetleriň ýörişi Austerlis köprüsinde başlandy we olar gaýyklarda 6 kilometrlik ýoly geçip, Eýfel diňiniň öňündäki “Trokadero” meýdançasyna geldiler. Syýahatyň dowamynda türgenler Fransiýanyň paýtagtynyň gözel künjekleri: Notr-Dam, Luwr, Uly köşk, Pon-Nýof köprüsi we beýleki desgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Däbe görä, türgenleriň dabaraly ýörişini Olimpiýa oýunlarynyň watany bolan Gresiýanyň ýygyndy topary açdy. Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşýan toparlaryň ählisi kenaryň ýakasynda gurnalan münberlere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünden geçdiler. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar. Toparyň baýdak göterijisi, dzýudo boýunça “Uly tuwulga” ýaryşynyň ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji çempiony S.Rahimow türkmen türgenleriniň hatarynyň öňüni çekdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu