Ýurdumyzda her ýyl gaýtalanyp gelýän möhüm we gyzgalaňly möwsüme — ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edişlige badalga berildi. Öz hormatlaryna ýaňlanan «Soňky jaňyň» sesi gulaklaryndan gitmedik uçurymlar bu gün ömürlerine hemra edinjek hünärleri boýunça okuwlaryny dowam etmäge dalaşgär bolýarlar. Olaryň arasynda nowbahar agtygymyň bardygy üçin özümi bu möwsüme has hem dahylly duýýaryn. Heniz ädilmedik ädimi ölçerip bolýar, edilmedik saýlawy oýlanyp bolýar. Şu jogapkärli pursatda öz agtygyma aýdýan, ýatladýan, sargaýan zatlarymy ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna-da ýetiresim gelýär. Aýtmaga-diýmäge birneme zat bar, çünki ömrümiň 40 ýyldan gowragyny bagyşlan mugallymçylyk tejribämde ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, dürli bäsleşiklere taýýarlamak, giriş synaglaryna gatnaşmak, şowsuzlyga uçran dalaşgärlere teselli berip, talyplyga saýlananlarynyň şatlygyny paýlaşmak kän gezekler miýesser edipdi. 1973 — 1975-nji ýyllarda ýokary okuw mekdeplerine dalaşgär hökmünde başdan geçiren ahwalatlarym, alan sapaklarym hem käbir pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.
1. YKBAL KESGITLEÝJI PURSAT
Salam, geljekki durmuşynyň tagam-lezzetini, many-mazmunyny tapmaga alyp barjak dogry ýoly saýlamaga çykan dalaşgär! Ömür ýoly — bu ýollaryň uzagy, goý, ol dowamly hem ak bolsun! Türkmen dessanlarynyň aglabasynda uzak ýola çykan ýolagçylaryň öňünde saýlamak üçin üç ýol goýulýar. Arzan, gerekmejek zatlar alkymdanam tapylýar, ýöne maksatly adam oňa ýetmek üçin ýollaryň iň kynyndan, iň howatyrlysyndan gitmäge-de ýaýdanmaýar. Aňsadyny saýlasa, aňsadyna baksa, ol özgelerden tapawutly, gahryman boljakmy, eýsem?!
Sizi hem öýüň ynjalykly gujagyndan kowýan, ata-enäniň hossarlyk mährinden daşlaşdyrjak bolýan ýok, berenlerini iýip-geýip ýaşabermeli, bir seretseň. Bu-da bir ýol, ýöne bizi hernäçe sygdyrsa-da, bu mähriban giňişlik indi bize darlyk edýär. Kynam, güzaplam bolsa, biz indi ýola çykmaly, ýüregimizde beslän hünärimize, kärimize gowuşmak üçin dyrjaşmaly. Hernäçe ýadadanam, irizenem bolsa, ýene-de gat-gat kitaplary açmaly, kyn meseleleri özleşdirmeli, ussat gözlemeli, tälim almaly, geljekki rahatlygymyzy we eşretimizi öz giňişligimizden tapmaly.
Suw nähili gowy zat, onsuz ýaşaýyş ýok, ol bar gözelligiň gönezligi. Ýöne başga bir tarapyna üns beriň: ol hiç haçan özüne zor salyp, beýige tarap akmaýar. «Suw pesi tapar» diýipdir-ä öňkülerimiz. Biz suw däl, garşylykdan we azapdan eýmenip, aňsat ugra — pese yňybersek bolmaz. Kynam bolsa, zerur tarapa gitmeli. Maksadymyz, agtarýan zadymyz belentde bolsa, ony pesden tapyp bilmeris.
Şu ýerde size Mäne babanyň bir pendini ýatladasym gelýär, ol diňe şu pursat üçin däl, özüm-ä ol pendi eşidenim bäri aňymdan çykaramok: «Ýüregimizde besleýän arzuw-hyýalymyz näçe belent bolsa, olar biziň özümizem şol derejelere göterer».
Iki agyz hünär we kär barada. 1975-nji ýylda üçünji synanyşykda mugallymçylyk institutyna girip, öýe gelenimde, atam hüňürdäpdi: kär saýlaýaňyz, hünär gerekdir adama! «Okuwsyz-bilimsiz dana» diýilýän atam bilmedim, näme üçindir, mugallymçylygy hünär saýmandy. Ýogsam kakam hem mugallymdy. Häzir bu barada öz pikirim bar. Ilki hünär saýlanylýar. Ol okap ýa-da öwrenip, ele alynýar. Hünäre laýyk hem kär-wezipe gözlenilýär. Şu nukdaýnazardan alsak, siz şu pursatda, özem juda aýgytlaýjy pursatda özüňize hünär saýlaýarsyňyz.
Maksady aýdyň etmän, onuň haýsy tarapdadygyny hem, oňa haýsy ýol bilen gidilýänini hem kesgitläp bolmaýar. Belki, siziň maksadyňyz öňden mälimdir, anykdyr, ýöne sähel ikirjiňlenýän bolsaňyz, oýlanyň, öz hossarlaryňyzdan, mugallymlaryňyzdan soraşyň. Ýalňyşaýmaň, biatlonda ýalňyşyp, jerime aýlawyny geçip ýören türgenleri göz öňüne getiriň. Olaram ahyry pellehana ýeter, ýöne ýeňiş bu gezek olara ýetdirmez. Maksadyňy kesgitle, oňa ýetirjek iň gysga hem dogry ýoly gözle!
Sportda bedeniňe-göwräňe laýyk görnüş saýlanylyşy ýaly, özüňe, synaňa, ukyp-başarnygyňa, höwesiňe laýyk hünär saýlamagy başar. Hünäriň bilen döretjek şahsy durmuş giňişligiň geljekde saňa dar bolmasyn, hünäriň arzyly, özüňem gereklenýän bolmalysyň. Ýaşajak ýeriň, menzil-mekanyň çöl bolsa, deňizçiniň hünäri saňa makul däl. Deňiz ýakasynyň ýaşaýjysyna hem agronom hünäri bilen adykmak ýeňil düşmez.
Hünäri dogry saýlamagyň wajypdygyny tassyklaýan bir mysala ýüzlenmekçi. Murgap etrabyndan halypa terbiýeçi, Türkmenistanyň ussat mugallymy Akgyz Keregulyýewa bir gezek ýaş hünärmenler bilen geçiren duşuşygymyzda şeýle diýdi:
— Irden işe barýan wagtym — bu meniň iň owadan wagtym. Muny özümem duýýan, ýöne işdeşlerimem, tanyşlarymam bu barada maňa ençeme gezek aýtdylar. Sebäbi men işe her gün begenip gidýän, çagalary we ata-eneleri garşylamaga howlugyp gidýän. Men özüme laýyk hünäre we käre eýe bolan bagtly adam.
Hawa, eziz dalaşgär, käre söýgi hem, edil söwer ýara söýgi ýaly, ynsany ýakymly hesrete gaplaýandyr. Duş gelen ýar bilenem, çem gelen kär bilenem tutuş ömri paýlaşmak ýeňil däldir.
Saýlawyňyz şowly hem dogry bolsun!