Habarlar

Türkmen türgenleri Parižde gyzgyn garşylanyldy

24-07-2024 / 133

23-nji iýulda Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetini garşylamak dabarasy boldy. Bu ýere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň diplomatlary, Pariž Olimpiadasynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri, meýletinçiler we beýleki adamlar ýygnandylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterip gelen meýletinçileriň uzyn hatarynyň öňünden geçen olimpiýaçy türgenlerimiziň dabaraly garşylanylmagy tolgundyryjy duýgulary döretdi. Wekiliýet agzalaryna duz-çörek hödürlenilip, öňde boljak iri sport baýramçylygynda üstünlikler arzuw edildi.

Soňra türkmenistanly türgenlerdir tälimçiler Pariždäki “Olimpiýa obasyna” baryp, bu ýerde ýaşamaly hem-de türgenleşik geçmeli ýerleri bilen tanyşdylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu