Tomus — Ýer ýüzüniň birnäçe ýerlerinde sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pasyllaryň biridir. Bu paslyň özboluşly aýratynlyklary we täsinlikleri adamzat taryhynda we tebigatda möhüm orun eýeleýär. Ine, tomus pasly hakynda gyzykly we täsin maglumatlar:
Tomus paslynyň resmi başlangyjy tomus soltisisidir, bu gün ýylyň iň uzyn güni we iň gysga gijesi hasaplanýar. Demirgazyk ýarym şarda tomus soltisisy 20-22-nji iýunda bolup geçýär. Şol gün Güneşiň ýokary nokada ýetmegi bilen baglanyşyklydyr.
Dünýäniň köp ýerinde tomus paslynda dürli festiwallar we baýramçylyklary geçirilýär. Mysal üçin, Şwesiýada «Midsummer» festiwaly uly şowhun bilen bellenilýär, adamlar tebigatda uly dabaralary geçirýärler, toý-baýram edýärler we halk oýunlaryny oýnaýarlar.
Demirgazyk ýarym şarda tomus pasly iýun-awgust aýlary aralygynda, Günorta ýarym şarda bolsa dekabr-fewral aýlary aralygynda bolýar. Şol sebäpli, Awstraliýa, Braziliýa we Günorta Afrika ýaly ýurtlar Täze ýyly tomusda garşy alýarlar.
Tomus paslynda Demirgazyk ýarym şardaky käbir ýerlerde gije-gündiz deňligi bolýar. Mysal üçin, Norwegiýada we Islandiýada «Midnight Sun» diýlip atlandyrylýan tebigy hadysa bolup geçýär. Bu ýerde Güneş gijäniň dowamynda-da asmanda görnüp durýar.
Aslynda, tomus Gün şöhlesi bilen köpräk bagly bolup, bu pasyl adam bedeni üçin zerur bolan D-witamininiň önümçiligini artdyrýar. D-witamini sagdyn süňkler we immun ulgamynyň kadaly işlemegi üçin örän möhümdir.
Şekspiriň iň meşhur eserleriniň biri bolan «A Midsummer Night’s Dream» tomus hakynda ýazylyp, ylhamyň we şatlyk-şowhunyň köp bolýan paslynyň ruhuny açyp görkezýär.
Dünýäde iň köp syýahat edilýän döwürleriň biri-de tomus pasly bolsa gerek. Çünki bu döwürde okuwçylardyr talyplar dynç alyş möwsümine çykýarlar. Tomusda plýažlar, milli seýilgähler we beýleki dynç alyş ýerleri köpsanly myhmanlary kabul edýär.
Tomus pasly miweleriň we gök önümleriň bolçulyk döwri hasaplanýar. Bu paslyň tagamlary diňe bir lezzetli bolman, eýsem, saglyk üçin hem diýseň peýdalydyr. Tomus pasly, tebigatyň we jemgyýetiň köp dürli täsinlikleri bilen baýlaşdyrylýan aýratyn bir döwürdir. Bu paslyň getirýän ýylylygy, şatlygy we rowaçlygy adama ruhy we bedeni taýdan saglyk getirýär. Tomus paslynyň täsirini we lezzetini doly duýmak üçin onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak zerurdyr.
«TürkmenGazet».