Siziň üçin...Slider

Şokolad önümçiligi: nirede we nähili?

22-07-2024 / 145

Dünýäde şokolad önümçiligi bilen dünýä ýurtlarynyň ençemesi meşgullanýar. Ýöne bu ugurda käbir ýurtlar öňdebaryjylygy eýeleýärler. Olar haýsylarka?!

Amerikanyň Birleşen Ştatlary – bu ýerde iň meşhur şokolad brendleri «Hershey», «Mars» bolup, ähli şokoladlar ýokary hilli çig mallardan taýýarlanylyp halka hödürlenýär.

Germaniýa – Ýewropada iň uly şokolad öndürijileriň hatarynda gelýär. Ýurtda «Ritter Sport», «Schogetten», «Halloren» ýaly brendleriň fabrikalary ýerleşýär.

Belgiýa – «Neuhaus», «Godiva», «Leonidas» ýaly meşhur markalaryň watany hasaplanýar. Maglumatlara görä, ýurtda jemi 12 fabrik bolup, olar ýylda takmynan, 170 müň tonna şokolad öndürýärler.

Fransiýa – «Michel Cluizel», «Maison du Chocolat», «Valrhona» ýaly brendleri bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanmagy başarandyr.

Şweýsariýa – bu ýurtda «Teuscher», «Cailler», «Lindt» ýaly kompaniýalar şokolad önümçiliginde barha öňdeligi eýeleýär. Şweýsariýanyň ilaty her ýylda 11,6 kilogram töweregi şokolad iýýändigi hem aýdylýar.

Ýaponiýa – özboluşly tagamy bolan şokoladlary öndürýär. Iň meşhur ýapon brendleriniň biri bolsa «Morinaga» atly brendidir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu