Habarlar

Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegine 29 ýyl

04-03-2021 / 10

Çeşme: TDH

2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýganda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň pasportlary bolan daşary ýurtly raýatlary üçin ýurdumyza gelmegiň we ondan gitmegiň wizasyz tertibini girizmek hakyndaky Karary barada Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi taýdan habar berýän ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň werbal notasy gowşuryldy. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda gol çekdi. Oňa laýyklykda, şu günden başlap, BMG-niň pasportlarynyň eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna wiza resmileşdirmezden, Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga hem-de ýurtdan gitmäge, şeýle hem ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmäge ygtyýar berilýär.

Mundan başga-da, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň DIM-i tarapyndan hasaba alnan BMG-niň ýa-da onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary ýurdumyzda işleýän döwrüniň dowamynda wiza resmileşdirmekden boşadylýar.

Bu Kararyň kabul edilmegi 1946-njy ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we eldegrilmesizlikleri hakyndaky konwensiýasyna laýyk gelýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky netijeli, köpugurly gatnaşyklar ikitaraplaýyn gyzyklanmalara hem-de özara düşünişmek ýagdaýyna kybap derejede ösdürilýär.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu