Siziň üçin...Slider

Dalaşgärlere: synagda näme etmeli?

22-07-2024 / 415

Synagda beriljek goşmaça soraglaryň mugallymyň sapakda gürrüň beren maglumatlarydygyny ýatdan çykarmaň! Şonuň üçin her sapakda mugallymy üns bilen diňlemeli.

Soraglary anyklanyňyzdan soňra arkaýynlaşmaň. Soraglaryň jogaplaryny gözläň, synaga taýýarlanmaga başlaň! Bu siziň synagda özüňizi rahat duýmagyňyza ýardam eder.

Kyn soraglaryň jogabyny tapmaga çalşyň! Şonda birnäçe soragyň jogabyna-da duşup bilersiňiz.

Soraglary öz deň-duşlaryňyzyň arasynda hem paýlaşyp bilersiňiz.

Synag döwründe özüňize berk ynanyň. Synag alýan mugallymlar sizi görenlerinde synaga taýýarlykly gelendigiňize göz ýetirsinler.

Synag döwründe soraglara dogry jogap bermäge üns beriň! Çünki her bir ýalňyş jogap birnäçe goşmaça soraglaryň döremegine ýol açyp biler.

Goşmaça soraglara jogap bereniňizde takyk maglumatlara ýüzleniň! Bu siziň bahaňyzy ýokarlandyryp biler.

Dalaşgärler, üstünlik hemraňyz bolsun!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu