Slider

Bilimi zor talyp bolar

16-07-2024 / 12

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça-da degişli resminamalara gol çekdi. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem okuwa girmek isleýän ýaşlardan resminamalaryny kabul etmek işi gyzgalaňly dowam edýär.

Institutda talyplyga dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edişlik möwsümine öňünden ykjam taýýarlyk işleri geçirildi. Degişli otaglar zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Ýörite bellenilen ýerlerde okuwa kabul etmegiň tertibi we olardaky hünärler bilen tanyşdyrýan diwarlyklar goýuldy. Bu bolsa häzirki jogapkärli möwsümiň guramaçylyk derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Dalaşgär ýaşlar diwarlyklar arkaly özlerini gyzyklandyrýan hünärler boýunça degerli maglumatlary alýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, täze okuw ýylynda täze hünärleriň hem ençemesi açylýar. Kalbynda belent arzuwlary besleýän ýaşlaryň dürli ugurlardan bakalawr we magistr maksatnamasy boýunça bilim alyp, ökde hünärmenler bolmagyna hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny buýsançly bellemelidiris. Täze okuw ýylyndan orta hünär okuw mekdeplerinde hem täze hünärleriň birnäçesiniň açylmagy bilen okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany hem artdyrylar. Ýeri gelende bellesek, 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem magistr maksatnamasy esasynda taýýarlygyň halkara arbitraž we işewürlik hukugy ugrunyň girizilmegi geljekki halkara hukukçylary taýýarlamakda möhüm başlangyçdyr.

Ýeri gelende bellesek, tamamlanan okuw ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň müňlerçesi mekdep uçurymy boldy. Şolaryň aglabasynyň talyplyga dalaş edýändigine häzirki jogapkärli döwürde resminamalaryň kabul edilýän ýerlerinde bolanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň. Begenjiňi artdyrýan zatlaryň biri-de talyplyga dalaşgärleriň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde açylan täze hünär ugurlaryna gyzyklanmasynyň uly bolmagydyr.

Güneşli Diýarymyzda hünäre, ylma-bilime hyjuwly ýaşlar diýseň kän. Şeýle ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanyňda, olar göwün söýen hünäri boýunça kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi, ökde hünärmen bolup ýetişmegi, şeýlelikde, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy belent maksat edinýändiklerini aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri üçin ýaşlaryň alkyşlary çäksiz.

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu