Samolýotda uçmakdan gorkýan adamlar köp, emma bortdaky ýolagçylaryň howpsuzlygy diňe uçarmanlara we ekipaž işgärlerine bagly diýip pikir etmek ýalňyş pikirdir. Uçuş wagtynda, esasan, ýolagçylaryň özleri ýalňyşlyga ýol berýärler. Netijede, ekipažyň işlerinde bökdençlik döredýärler we töwerekdäkileriň hem durmuşyna howp salýarlar.
Samolýotda gysga we aşa ýuka geýimler geýmäň!
Uçuş wagtynda samolýotyň bortundaky temperatura sowaýar. Şu sebäpli nädogry saýlanan egin-eşik sizi sowukladyp biler. Mundan başga-da, ýanyňyzdaky oturanyň ýolagçy kondisionerini güýçli režimde goýmagy mümkin, bu hem sowuklamak howpuny ýokarlandyrýar.
Mobil telefonlaryňyzy «uçuş» režimine geçiriň!
Samolýot howa göterilende we ýere düşende telefonlary «uçuş» («полет») režimine geçirmek maslahat berilýär. Sebäbi mobil aragatnaşykdaky signallar samolýotyň dolandyryş enjamlaryna täsir edip biler.
Spirtli içgiler içmäň!
Her bir uçuşdan ozal, döwrebap samolýotlar doly barlagdan geçirilýär we olara tehniki hyzmat görkezilýär. Şonuň üçinem uçuş wagtynda howplaryň döremegi minimaldyr. Muňa garamazdan, ekipažda dürli hili ýagdaýlar ýüze çykyp biler, emma ekipaž agzalary beýle ýagdaýlara hemişe taýýar bolýarlar. Sebäbi bu zatlar olara okuw wagtynda öwredilýär we tejribe bilen berkidilýär. Eger ýolagçylaryň biri nädogry hereket etse, ekipažyň işinde päsgelçilik döredýär. Şol sebäpli uçuşdan ozal we uçuş wagtynda spirtli içgilerden uzakda durmaly.
Mundan başga-da, beýleki ýolagçylaryň asudalygyny bozan ýolagçynyň uçuşdan öň samolýotdan çykarylmagyna rugsat berilýär. Çünki bu ýagdaý reýsiň gijikmegine sebäp bolup biler.
Ýeterlik suw içiň!
Samolýotda ynsanlar tebigy bolmadyk pes basyşyň täsirinde bolýarlar, bu bolsa iýmit siňdiriş meselelerini döredýär we baş aýlanmasyna sebäp bolup biler. Munuň üçin size adaty arassa suw ýardam berer. Şeýle hem ekipažda howa örän gury ýagdaýda bolup, deriniň, gözüň, umuman, bedeniň guramagyna getirip berer. Şonuň üçin uçuşa ýanyňyz bilen suw almak ýa-da ekipažda hödürlenýän suwdan içmek maslahat berilýär.
«TürkmenGazet».