Göwün küýsegiSlider

Yşka düşmek başga, söýülmek başga…

Poeziýa minutlary

19-07-2024 / 552

Ýagan ýagyş deprekledi üçegi,
Atyr deý ýaýratdy topragyň ysyn.
Urdy penjiräni, çagyrdy,
adam
Dözmän ýagşa ezilerin dynçlygyň
Bir-de garanmady öwrülip yzyn.

Ýaz ýagşyna biten kömelek ýaly
Saýawanlaň birin-birin açylşyn
Ol duşdan geçirdi, asmanyň porhan
bolup ýyldyrymyn elden gaçyrşyn.

Yzyn üzmän esli ýagan ýagyşdan
Hut şu pursat asman-Zemin deňleşdi.
Üstünden nur ýagýan kölçeren suwlar
hemem asman häzir juda meňzeşdi.

Sowulansoň balkyldaýan damjalar,
Kölçeren suwlara siňip, ýitipdir.
Müň kakanda açylmadyk aýnany
Ahmyr bilen dyrmap-dyrmap gidipdir…

***

Asmandan bolmaly söýginiň asly,
Hem asmandan borly asly adamyň.
Ol asmana bakýar uçasy gelse,
Hem asmana bakyp, tapýar aramyn.

Wah, elleriň alyp, ganat berseler,
Azaşaňda söýgä, düşeňde yşka.
Öz gelen ýerine göterýär söýgi,
Yşka düşmek başga, söýülmek başga.

Ganat ýaýsaň, ýyldyz deşen asmana,
Süýt deý sabalaryň badyna düşseň.
Düşeňde-de ýöne-möne ýere däl,
Şol unudan gyzyň ýadyna düşseň.

***
Ogluma

Gijäň şalyn ýorgan kimin örtünip,
Ugranynda Güneş günbatar baka.
Çirkin sesiň bilen agyr ukyny
Hem gijäni bölüp goberýäň ikä.

Näme üçin aglaýanyň bilemzok,
Çar tarapa paýradyban «iňňäni».
Azaryňa-da däl, müň bir soragyň
Şol «iňňäden» çar tarapa eňýäni.

Ejeň bilen oda düşüp başlaýas,
«Açmyka ýa agyrýarmy bir ýeri?!»
«Iňňä» bilen aýdansoňun ählisin,
Näm bolýanyn tapmaça deý çözmeli.

Gijelerne müňläp jümle tirse-de,
Düşündirip bilmän duýgulaň baryn
Ýören kakaňa sen ähli duýgyňy
Birje «iňňä» bilen aýtjak bolýamyň?

Seýran SEÝITMÄMMEDOW.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu