Slider

Il alkyşy — keramat

16-07-2024 / 5

Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy babatda kabul eden çözgütleri bagtyýar ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. 

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz barha ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi günsaýyn ýokarlanyp, durmuşymyz has-da gözelleşýär. Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysady ösüş depginleri barada berlen hasabatlar hem durmuş ugurly özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şol mejlisde ulus-ilimizi begendiren habarlaryň biri-de hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi boldy.

Ýurdumyzda zähmet haklarynyň ýylyň-ýylyna ýokarlandyrylmagynyň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatda edýän taýsyz tagallalary dur. Hökümet mejlisinde edermen gallaçylarymyz tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilip, bu ugurda bellenilen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagy hem buýsandyryjy waka boldy. Gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet üstünligi mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alyp, saglygyny dikeldýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylýan pursatlaryna mawy ekran arkaly tomaşa edenimizde, ýakymly täsirleri başdan geçirdik. Diýarymyzda çagalar hakynda edilýän atalyk aladalar bizi örän guwandyryp, röwşen geljegimize ynamymyzy has-da berkidýär.

Häzir diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýatlardyr etrap merkezlerinde, obalardyr şäherçelerde hem ýaşamak üçin has amatly şertler döredilýär. Şu ýylyň alty aýynda welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň meýdanynyň 454 müň inedördül metre barabar bolandygy, özleşdirilen maýa goýumlaryň 51,5 göteriminiň durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilendigi baradaky maglumatlar hem bu ugurdaky işleriň giň geriminden habar berýär.

Berkarar Watanymyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwrüp, halkymyzyň eşretli günleriň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.

Baýramdurdy ÝUSUPOW,
Saýat etrabynyň Garabekewül şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň müdiri. 

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu