Slider

Möhüm çözgütler, oňyn başlangyçlar

16-07-2024 / 13

Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi göwünleri galkyndyrdy. Munuň özi ýurdumyzda adam barada edilýän aladanyň ýene bir subutnamasy boldy.

Ýurdumyzda zähmet haklarynyň ýylyň-ýylyna ýokarlandyrylmagynyň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatda edýän taýsyz tagallalary dur. Hökümet mejlisinde edermen gallaçylarymyz tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilip, bu ugurda bellenilen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagy hem buýsandyryjy waka boldy. Gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet üstünligi mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alyp, saglygyny dikeldýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylýan pursatlaryna mawy ekran arkaly tomaşa edenimizde, ýakymly täsirleri başdan geçirdik. Diýarymyzda çagalar hakynda edilýän atalyk aladalar bizi örän guwandyryp, röwşen geljegimize ynamymyzy has-da berkidýär.

Şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerinden görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, abadan ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, giň gerimli başlangyçlary döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilip, täze, belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň ynamly amala aşyrýan ykdysady syýasaty hem-de çuňňur oýlanyşykly özgertmeleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi üçin ygtybarly şertleri döredýär.

Berkarar Watanymyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwrüp, halkymyzyň eşretli günleriň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.

Arslan BEGMYRADOW,
Bäherden etrap kazyýetiniň kanselýariýa müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu