Şu ýylyň iýul aýynyň başynda uly ekranlarda tomaşaçylara hödürlenen «Gowy bolmak aňsatmy — 4» ýa-da minýonlar baradaky multfilm dünýäde 437 million dollar girdeji gazandy we ABŞ-nyň kinoprokatynda liderlige çykdy.
Multfilmiň nobatdaky bölümi onuň umumy girdejisiniň 5 milliard dollardan geçmegine sebäp boldy hem-de taryhda iň ýokary girdeji gazanan multfilme öwürdi.
Filmiň režissýory — Kris Reno, ssenaristi — Mayk Uayt. Bu gezekki sýužetde durmuş ýoldaşy bilen üç çagany terbiýeleýän öňki ýowuz gahryman — Grýunyň soňky ykbaly teswirlenýär. Grýu we onuň aýaly Lýusiniň garşysynda türmeden gaçan Maksim Le Mal we Walentina atly duşmanlar peýda bolýar. Olar duşmanlardan gaçmak üçin minýonlar bilen bilelikde gizlin öýe göçmäge mejbur bolýarlar.
Ýeri gelende bellesek, «Gowy bolmak aňsatmy» multfilminiň birinji bölümi 2010-njy ýylda çykaryldy we 543 million dollardan gowrak girdeji getirdi. Şeýle hem 2015-nji ýylda «Minýonlar» (1,16 milliard dollar), 2022-nji ýylda «Minýonlar: Grýunyň beýgelişi» (940 million dollar) hödürlenildi.
«TürkmenGazet».