HabarlarSiziň üçin...

Ýokary okuw mekdeplerinde 13 sany täze ugur girizildi

17-07-2024 / 195

«NewsCentralAsia» tarapyndan habar berlişi ýaly, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen, bakalawr we magistr meýilnamalary boýunça täze taýýarlyk hünär ugurlary girizilýär:

Jemi ýedi ýokary okuw mekdebinde täze hünär ugurlary açyldy:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti:
Magistr maksatnamasy – «oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyş»
Magistr maksatnamasy – «zootehnika»

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty:
Hünärmen we bakalawr maksatnamasy – «defektologiýa» – ýöriteleşdirilen bilim
Hünärmen we bakalawr maksatnamasy – «hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty» – pedagogiki bilim
Hünärmen we bakalawr maksatnamasy – «pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty» – pedagogiki bilim

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty:
Hünärmen maksatnamasy – «standartlaşdyrmak»
Hünärmen maksatnamasy – «metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak» (senagat pudagynda)
Hünärmen maksatnamasy – «seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk»

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty:
Bakalawr maksatnamasy – «halkara söwda»

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty:
Bakalawr maksatnamasy – «uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy»
Bakalawr maksatnamasy – «howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy»

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty:
Magistr maksatnamasy – «halkara arbitraž we işewürlik hukugy»

Türkmen döwlet medeniýet instituty:
Magistr maksatnamasy – «medeniýeti öwreniş»

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu