Biziň bagtly bolmagymyz üçin biziň bagtymyza hemişe nämedir bir zat kemterlik etmeli.
Gelwesiý.
Özgäniň bagty bilen bagtly bolup bilýän adam hakyky durmuşda ýaşaýandyr.
Gýote.
Kime bagt gerek däl bolsa, şol iň bagtlydyr, kim özüne erk edip bilýän bolsa, şol iň güýçli hökümdardyr.
Seneka.
Bagtly adamlaram dost isleýär.
Aristotel.
Söýgi başga bir kişä bagt islemekdir.
D.Ýum.
Hakykat bar ýerde bagt bardyr.
Rus nakyly.
Ejir çekmän bagta ýetip bolmaz.
Hindi nakyly.
Bagt hem, betbagtlyk hem töweregimizde bileje gezýär.
Bengal nakyly.
Özgäniň bagtyna gözi giden öz bagtyny görmez.
Gruzin nakyly.
Batyrlyk — bagtyň ýarany.
Başgyrt nakyly.
«TürkmenGazet».