Düýşüme girdiň…
Sen düýşüme girdiň. Gowlukmy beri?
Geldiň-le ýanyma örän alňasap.
Ah, seniň bolşuň-a aýlady seri,
Äkitdi ýol ýok ýerlerden ýol ýasap.
Şonda: «Ýeke galdym» diýip ah urduň,
Aglap bilmän maňa aýtdyň derdiňi.
Juda bagtly bolup öýüňi gurduň,
Indem: «Ýitirdim» diýp dursuň merdiňi.
Saňňyldap oýansam hiç zat ýok eken,
Ýöne sakladanok maňlaýmyň deri.
Gözüme gül görnen, gursaga tiken,
Düýşüme giripsiň, gowlukmy beri?!
***
Özüme
Söýsün diýip gül bermedim gyzlara,
Diýdim: «Güller ýaly owadan boluň!»
Guýa meňzeş ýürekli bir oglanyň
Ýürek suwun aljak gowadan boluň!
Sekmesin diýp saklamadym saraýym,
Sadalygmy bilip samyrdana men.
Söýenime ýürek açyp baraýyn,
Söýgimi siňdirip damar-gana men.
Külterlän ýollarym boldy gumaksy,
onda-da bermedim başym armana.
Diýseler-de: «Aý, bir danasumak şü»,
Geçip bildim köçesinden barmanam.
Sebäp ýokka ýalňyz bolup ýitere,
Köp bolsa-da bu ýollaryň öwrümi.
Nesipli gün maksadyma ýeterin,
Şolam bezär bu bäş günlik ömrümi.
***
Söze
Söýgimi saldym saňa,
Serimi sämeden sendiň.
Öwgümi saldym saňa,
A sen derdime emdiň.
***
Surat
Bezenip-beslenip düşen,
Suratyň bardy-la mende.
Ony mydama ýanyma
alýardym, nirä gidemde.
Ýalan sözlere garylan,
Söýgiň-de kejine gitdi.
Suratyň-da oda ýanyp,
Saralan pejime gitdi.
Çaryberdi REJEPOW.