2024-nji ýylyň 15-16-njy iýulynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi.
Sergi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazanan üstünliklerini, ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini we onuň geljegi uly bolan ugurlaryny aýdyň görkezýär. Sergide myhmanlar 13 sany döwlet edarasynyň we dürli ugurlar boýunça 60 sany türkmen kärhanalarynyň hem-de kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu ýerde halylar, şaý-sepler, dokma önümleri, gurluşyk önümleri, öý we senagat üçin niýetlenen himiki serişdeleri, azyk önümleri we ş.m. görkezildi.
«TürkmenGazet».