Hytaýyň Kumtog çölünde düýeler üçin swetaforlar gurnaldy. Bu barada ýurduň merkezi telewideniýesiniň (CCTV) «YouTube» kanalynda ýörite wideo arkaly mälim edildi.
Soňky ýyllarda bu künjekde syýahatçylaryň barha köpelmegi netijesinde ýol dyknyşyklary ýüze çykýar. Munuň öňüni almak üçin ýerli häkimiýet edaralary düýeli ýolagçylar üçin aýratyn swetaforlary ornatdy.
Swetaforlar Mingşa baýyrlarynyň ýakynynda ýerleşdirildi. Maý aýynyň başynda bu ýere on müňden köpräk syýahatçy düýeli syýahat etmäge geldi. Statistik maglumatlara görä, geçen ýylda 2,4 müňe golaý düýeler syýahat üçin peýdalanylypdyr, çöle syýahata gelenleriň sany bolsa 20 müňden gowrakdyr. Myhmanlaryň aglabasy pyýada gezelençlere görä, tebigata düýeli aýlanmagy halaýar.
Swetaforlar bu jandarlaryň pyýadalara ýol bermelidigini aňladýar. Ýaşyl yşyk düýäniň geçmeginiň mümkinligini, gyzyl yşyk bolsa saklanmalydygyny bildirýär.
«TürkmenGazet».